MEDENIÝET

Türkmen ýaş ussatlary «Baýroýt» halkara festiwalyna gatnaşdy

Awgust aýynyň 12-21 aralygynda Germaniýanyň Baýroýt şäherinde ýaş zehinleriň döredijilik festiwaly geçirildi. Oňa 20-den gowrak döwletden 300-e golaý sungat ussatlary gatnaşyp, özleriniň nusgawy aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Festiwalyň bu ýylky şygary «Şöhleleniş. Özgeriş. Döredijilik» diýlip yglan edildi. Bu barada türkmen metbugatynda bellenilip geçilýär.

«Baýroýt» aýdym-saz festiwaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş zehinli ýaşlaryň zehinlerini açyp görkezmek we olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürip, birek-birek bilen tejribe alyşmaklary üçin döredilen amatly mümkinçilikdir.

Döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, oňa Watanymyzyň adyndan dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen sazandalar topary we ýurdumyzyň meşhur parlak ýyldyzy Leýli Ökdirowa gatnaşdy. Festiwalyň dowamynda Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde ýaş sazandalar topary ussat türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň we Ýewropanyň nusgawy saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Parlak ýyldyzymyz Leýli Ökdirowa bolsa meşhur italýan aýdymlary bilen çykyş etdi.

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi