MEDENIÝET

Kinoaktrisa bilen surata düşmek tölegli

Soňky döwürde kino dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolan aktrisa Emiliýa Klark muşdaklary bilen surata düşmek we gysga wagtlyk söhbetdeşlik üçin töleg talap edýär. Bu barada “Daily Mail” gazeti habar berýär.

Emiliýa Klark mundna beýläk köçede özüniň muşdaklary bilen selfi görnüşinde surata düşmegi göz öňünde tutmaýar. “Tagt oýunlary” seriýalynyň ýyldyzy geljekde dürli çärelerde muşdaklary bilen surata düşmek üçin töleg kabul eder. Onuň bilen bir gezek surata düşmegiň bahasy 150 funt-sterling bolar.

Ýyldyz aktrisa bilen doly duşuşmak isleýän muşdaklaryndan 400 funt-sterling talap ediler. Bu puluň hasabyna diňe bir surata düşmek däl-de, gysga wagtaýyn söhbetdeş bolmaga hem mümkinçilik berler.

Emiliýa Klark özi bilen surata düşmek üçin pul talap edýän ýeke-täk sungat işgäri däl. “Şerlok” serialynyň ýyldyzy Benedikt Kamberbetç 2017-nji ýylda muşdaklary bilen 3 müň sany surata düşüp, 240 müň futn-sterling gazanypdy.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy