SPORT

Dzýuba Türkiýede futbol oýnar

Russiýaly hüjümçi Artem Dzýuba Türkiýäniň ýokary futbol ligasynda çykyş edýän “Adana Demirspor” topary bilen şertnama baglaşdy. Hüjümçi Russiýanyň “Zenit” topary bilen şertnamasyny ýatyrandan soňra 4 aý toparsyz galdy.

Türk toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Dzýuba bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Şeýle hem onuň şertnamasynyň möhletini ýene-de bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Türkiýäniň “Adana Demirspor” toparynyň düzüminde “Zenit” toparynyň ozalky goragçylaryndan Ýaroslaw Rakiskiý hem çykyş edýär.

– Ahyrsoňy, “Adana Demirspor” toparynyň düzümine goşuldy. Täze çagyryşlara taýýar. Toparyň ýolbaşçy düzümine maňa ynam bildirendikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin – diýip, Dzýuba jemgyýetçilik torundan habar berdi.

“Adana Demirspor” topary Türkiýäniň ýokary ligasynda bassyr 2 ýyldan bäri çykyş edýär. Türkiýäniň ýokary ligasynda 19 topar bar. “Adana Demirspor” topary çempionatyň geçirilen 2 tapgyrynda hem ýeňiş gazandy. Geçen möwsümde topar 9-njy orny eýeledi. Çempionatyň indiki tapgyrynda bu topar “Fenerbahçe” topary bilen duşuşar.

33 ýaşyndaky Dzýuba 2015-2022-nji ýyllarda “Zenit” toparynda çykyş edip, 249 duşuşykda 108 gol geçirdi. Ol russiýanyň çempionatynyň iň güýçli hüjümçileriniň biri hasaplanýar.

Related posts

Messiniň ilkinji goluna 15 ýyl dolýar

Ata Watan Eserleri

Tennis dünýäsiniň geň wakasy: ýyldyz tennisçi kowuldy

Ata Watan Eserleri

Angliýada ýylyň futbolçysy belli boldy