2022-nji ýylyň iň güýçli telefonlarynyň batareýalary synag edildi. Synagyň netijeleri hemmeleri haýran galdyrdy. Bu synagda birinji orny “Apple” kompaniýasynyň “iPhone 13 Pro Max” telefony eýeledi. Bu telefonyň batareýasy kiçidigine garamazdan, beýleki telefonlaryň uly batareýalaryndan has çydamly boldy. Telefonlaryň batareyýanyň kuwwaty oýun oýnamak arkaly synag edildi.
Smartfon sarp edijileriň iň uly meselesi batareýa. Telefonlaryň güýji günsaýyn artýan hem bolsa, bu enjamlary zarýad etmek we olaryň zarýadyny uzak wagtlap sakalamk kyn mesele bolup durýar.
Synagyň netijeleri geň galdyrdy. Uzak möhletleýin ulanylyşda batareýanyň ululygy ýeke-täk faktor däl.
“iPhone 13 Pro Max” smartfony birinji orny çykdy. Kuwwatlylygy bary-ýogy 4352 mAh bolan bu telefonyň prosessory şeýle bir täsirli welin, özünden has köp mAh telefonlardan öňe geçip bildi.
Synaga görä, “iPhone 13 Pro Max” bilen oýun oýnalanda onuň batareýasy 10 sagat 35 minut çydady. Sanawda ikinji orundaky “Xiaomi 12 Pro” 9 sagat 38 minut, üçünji orny eýelän “OnePlus 10 Pro” 9 sagat 19 minut çydamly çykdy.
Dünýä belli “Samsung” kompaniýasynyň telefonlarynyň batareýasy bolsa, “Samsung Galaxy Z Fold4” 9 sagat 18 minut, “Samsung Galaxy Z Flip4” 9 sagat 4 minut, “Samsung Galaxy S22 Ultra” bolsa 8 sagat 56 minut zarýadyny saklap bildi.