SPORT

Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?

Portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo 12 ýyldan soňra dolanyp gelen “Mançester Ýunaýted” toparyny 7-nji awgusta çenli terk etmek isleýär. Şol gün Angliýanyň futbol çempionatynda täze möwüm başlaýar.

Ýyldyz futbolçynyň haýsy toparda çykyş etjekdigi bolsa entegem näbelli. Futbolçynyň menejeri Žorže Mendeş 5 topar bilen gepleşikler geçirýär. Olr – “Atletiko”, “Barselona”, “Bawariýa”, “Napoli” we “Çelsi”. Ýöne bu toparlaryň hiç biri hem entek belli bir netije bermedi. Portugal futbolçynyň “Atletiko Madrid” ýa-da “Napoli” toparlary bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Ýöne käbir neşirler Ronaldonyň ýene-de “Mançester Ýunaýted” toparynda galjakdygyny belleýärler. Ronaldonyň futbol ýoluna ilkinji ädimini äden Lissabonyň “Sporting” topary hem özüniň ozalky ýyldyzynyň dolanmagyna rugsat bermedi.

Şol bir wagtda Farer adalarynyň “KI Klakswik” topary degişme äheňinde Ronaldonyň transferi üçin 20 sany goýun berjekdigini mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”