BIZNES

100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmek, çüýşe önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy bilen şertnamany elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we önümhanany 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

 

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar