DÜNÝÄ

Aşgabat bilen Tbilisi arasynda göni gatnawlar ýola goýlar

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni awiagatnawlary ýola goýmak we iki ýurduň arasynda ýük gatnawlaryny artdyrmak babatda ylalaşyga gol çekildi. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet ministrligi habar berdi.

Şu gün ýurdumyzda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili saparda bolýar. Onuň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde gepleşikler geçirdi.

Gruziýanyň ykdysadyýet ministri Lewan Dawitaşwili hem gepleşikleri geçirip, bu barada beren beýanatynda: “Biz söwda gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem has köp gruzin harytlaryny Türkmenistana eksport etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk» –  diýip belledi.

Şeýle hem ministriň bellemegine görä, Türkmenistan tarapy özüniň önümleriniň eksporty üçin Gruziýanyň ulag geçelgeleri we logisitka infrastruktura mümkinçilikleri bilen gyzyklanandygyny mälim etdi.

Gruziýanyň ykdysadyýet ministri Lewan Dawitaşwili Gruziýanyň ulag geçelgeleri arkaly türkmen harytlarynyň eksportunyň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Ministr türkmen tarapy bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşandygyny belledi.

– Häzirki wagtda Türkmenistan Gruziýa nebithimiýa önümlerini iberýär. Ýöne biz türkmen tarapy bilen energiýa çeşmelerini import etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdyk – diýip, Dawitaşwili belledi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Related posts

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasy güni bellendi

“Mrs Russia 2020” gözellik bäsleşigi tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-ABŞ: syýasy geňeşmeler geçirilýär