BIZNES

Aşgabatda halkara ulag maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişina görä, bu forum halkara we sebitara derejesinde häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Ony şu ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň çäklerinde halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň Aşgabat ylalaşygy iş komitetiniň 3-nji mejlisini, Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran we Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 1-nji iş duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Maslahatyň gün tertibine ekologiýa ugurlary, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

«Sanly çözgüt – 2022» atly bäsleşik badalga alýar

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi