DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýetiniň Buhara sapary başlandy

Şu günler türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şährinde gulluk iş saparynda bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, wekiliýetiň agzalary saparyň dowamynda Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşarlar.

Şu gün wekiliýetiň agzalary  ertir – 13-nji iýulda  Özbegistanyň taryhy şäherinde geçiriljek bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek işlerine girişdiler. Türkmen-özbek işewürlerini, meşhur sungat ussatlaryny bir ýere jemleýän çäreler iki doganlyk ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer.

Görnükli türkmen aýdymçylarynyň, «Serpaý», «Näzli» folklor we tans, «Güneş» sazandalar toparlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek dostluk konsertiniň meýilnamasy halk aýdym-sazlarymyzyň, milli tanslarymyzyň, şeýle-de özbek halkynyň nusgawy sungatynyň eserlerini özünde jemleýär.

Bakalawr we magistr maksatnamalary barada umumy düşünje

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri