Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersiteti 2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
- Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: nebitgaz işi).
- Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy).
Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.
Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgasy ýa-da diplomyň tassyklanan göçürmesi (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synagy we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 27-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda bellenilen möhletlerde geçirilýär.
Giriş synagy:
taýýarlygyň nebitgaz işi ugry boýunça amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda;
taýýarlygyň uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça himiýa tehnologiýalary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synagynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39–13–74, 39–13–70.
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com