SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň çägindäki saparlarda wagtlaýyn rugsatnama almak zerurlygy ýok

Türkmenistanyň çäginde çäklendirmeleriň kem-kemden aradan aýrylýan döwründe welaýatara syýahatlarda ýerli raýatlardan wagtlaýyn rugsatnama talap edilmeýär. Mundan ozal, welaýatlara gidilende Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sapara gidýän senesi barada bellik etdirip, wagtlaýyn rugsatnama alynmaly bolýardy.

Alnan maglumatlara görä, mundan beýläk welaýatlar boýunça saparlarda ýolagçylardan wagtlaýyn rugsatnama talap edilmeýär. Ýolagçylaryň ýanynda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy bolmagy ýeterlikdir.

Migrasiýa gullugynyň amallary bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeler, şol sanda ýurduň sebitlerinden paýtagta gidýän ýolagçylar üçin ýatyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen agyz-burun örtüklerini açyk howada we hususy ulaglarda dakynmak ýatyrylypdy.

 

Diplomy tassyk edilýän halkara abraýly okuw mekdepleri-2022

 

Hormatly okyjylarymyz

Halkara okuw bilen baglanyşykly peýdaly we gyzykly habarlary okamak üçin aşakdaky ýere basyp, saýtymyzyň Applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi