Nebiti eksportirleýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Mohammed Barkindo aradan çykdy. Bu barada Nigeriýanyň Milli nebit korporasiýasy habar berýär.
Barkindonyň 5-nji iýulda aradan çykandygy bellenilýär. 63 ýaşynda aradan Barkindo soňky günlerde nebitgaz maslahatyna gatnaşmak üçin Nigeriýa barypdy.
– Biz özümiziň hormatly alymyny Mohamed Sanusi Barkindony ýitirdik – diýip, Nigeriýanyň korporasiýasy habar berýär.
Barkindo 2016-njy ýylyň awgustynda OPEK guramasynyň baş sekretarlygyna bellenipdi. Ol bu wezipede 2 möhlet işledi. Onuň wezipe möhleti iýul aýynyň ahyrynda tamamlanýardy. Ol ozal Nigeriýanyň nebitgaz korporasiýasynda işläpdi.
Şu ýylyň ýanwarynda OPEK guramasyna gatnaşyjy döwletleriň ministrleri Barkindonyň ýerine Kuweýtiň wekili Haýtam Al-Gaýsy saýlapdy. Ol şu ýylyň 1-nji awgustynda wezipesine girişer.
Nebiti eksportirleýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) baş sekretary Mohammed Barkindo Türkmenistanyň hem gurnan birnäçe halkara nebitgaz forumlaryna onlaýn tertibinde gatnaşypdy.
