Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde 2022-nji ýylda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň geçirilip başlanýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe, içeri işler ministri M.Hydyrowa, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýewe ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň okuw mekdeplerinde geçiriljek giriş synaglarynyň bellenen kadalara doly laýyk geçirilmegine, şeýle hem okuwlara mynasyp ýaşlaryň kabul edilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde ugurdaş okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagyna üns çekildi.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynda gulluk edýän ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň, olaryň arasynda hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.