BIZNES

Hytaý 300 sany uçar satyn alýar

Ýewropanyň öňdebaryjy awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Airbus” kompaniýasy Hytaýdan “Airbus A-320-neo” kysymly uçarlaryň 330 sanysyny sargyt aldy. Bu 37 milliard dollarlyk sargyt Hytaýyň 4 sany iri awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.

Hytaýyň kompaniýalarynyň resmi maglumat beýanatlarynda köp möçberde uçarlaryň satyn alynmagynyň kompaniýalaryň öz flotunyň düzümini optimallaşdyrýandygy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Ýewropa uçarlarynyň ulanylmagy howa gatnawçylary üçin daşky gurşaw talaplaryna ýokarlanmaga kömek eder diýlip çaklanylýar.

Bu pandemiýa başlaly bäri Hytaý bazaryndaky iň uly sargyt. Uçarlar ýakyn bäş ýylyň içinde gowşurylar.

 

Bäsleşik:«EKSPO-2025» üçin Türkmenistanyň pawilýonyny gurmak

Related posts

Deňiz önümleriniň sarp edilişi ýokarlanýar

Her sene 1.2 milyon ton gübre ihracat

vepa

EBRD, Türkmenistan’da % 6,3 ekonomik büýüme öngörüyor

vepa