BIZNES

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagy dörediler

Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de düzümler bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Serhetýaka söwda zolagynyň işini halkara we sebit lomaý-bölek söwdasynyň häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýeriniň çäkleri, şeýle hem söwda dükanlaryny, ammarlary, resmileşdiriş we gözegçilik nokatlaryny ýerleşdirmegiň çyzgylary babatda taslamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu ugurdaky işleri özbek tarapy bilen ylalaşmak maksady bilen, iki ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan işleriň Meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

 

Türkmenabatda täze agyz suw ýatagy açyldy

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy