SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

147 ýyldan soňra yssy rekordy

Şu günler dünýäniň köp sanly ýurdunda howalar aşa gyzýar. Ine, şeýle ýurtlaryň biri hem Ýaponiýadyr. Ýurduň paýtagty Tokio şäherinde termometriň görkezijileri 36,4 gradusa ýetdi. 30-njy iýunda ýetilen bu howa derejesi 1875-nji ýyldan soňra iýun aýynda ýetilen iň ýokary görkezijidir.

Ýurduň meteorologlary soňky gezek şeýle ýagdaýyň 147 ýyl öň 1875-nji ýylda bolandygyny belledi. Tokionyň golaýyndaky etraplarda howanyň temperaturasy 39,8 derejä ýetdi.

Ýurduň gündogaryndaky Isesaki şäherinde bolsa howanyň derejesiniň 40,1 derejä çenli ýetendigi bellenilýär.

Ýaponiýada aşa yssy howalar ýagyş möwsüminden soňra başlady. Üstümizdäki ýylda Tokioda möwsümleýin ýagyşlar ilkinji gezek, 1951-nji ýyldan soňra gysga wagt dowam etdi.

Ýurduň hökümeti ýerli raýatlardan köp suw içmegi we Güne az çykmagy maslahat berdi. Şeýle hem howanyň aşa gyzmagy bilen sowadyjy ulgamlarynyň köp ulanylýandygy üçin beýleki elektrik enjamlaryny az ulanmak maslahat berildi. Olaryň ýurduň umumy elektrik ulgamyna aşa agram salýandygy bellenildi.

 

Putin: Serdar Berdimuhamedow tejribeli syýasatçy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar