MEDENIÝET

Türkiýäniň meşhur aktýory aradan çykdy

Türk kinosynyň meşhur aktýorlaryndan biri bolan Jüneýt Arkyn 84 ýaşynda aradan çykdy. Düýn näsaglanyp, hassahana ýerleşdirilen meşhur sungat işgäriniň şu gün irden aradan çykandygy mälim edildi.

Türk kinosynda yz galdyran we ýüzlerçe filmde baş keşbi janlandyran Jüneyt Arkyn köp sanly baýragyň eýesidir.

Arkyn iň soňky gezek 2021-nji ýylda Türkiýäniň Prezidentiniň Medeniýet we sungat baýragyna eýe boldy.

ASYL ADY FAHRETTIN JÜREKLIBATYR

Jüneyt Arkyn hökmünde meşhur bolan aktýor 1937-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Eskişehir welaýatynyň Karaçaý obasynda dünýä indi. Asyl ady Fahrettin Jüreklibatyr.

Eskişehir Atatürk orta mekdebini gutarandan soň, 1961-nji ýylda Stambul lukmançylyk fakultetini tamamlady.

1963-nji ýylda “Artist” žurnaly tarapyndan gurnalan kino bäsleşiginde birinji ýeri eýeledi.

Harby gullugyndan soň, 1964-nji ýylda Halit Refiğiň “Gurbet Kuşlary” filmi bilen kino durmuşyna badalga berdi.

1964-nji ýylda Güler Mojan we 1970-nji ýylda Betül Yşyl bilen durmuş guran Arkyn üç çaganyň atasydyr.

 

Ankarada Magtymguly Pyragynyň heykeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi