DÜNÝÄ

Putin Aşgabatda birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ertir ilki bilen Täjigistanda saparda bolup, soňra Türkmenistana geler. Rus Lider Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşar.

“TASS” habarlar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow beren beýanatynda: “Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetiniň tassyklanjakdygyna, iň esasysy bolsa, Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky konwensiýada göz öňünde tutulan özara gatnaşyk ýörelgelerine ygrarlydygy tassyklanar.” diýip belledi.

Uşakow bu konwensiýanyň gysga wagtda güýje girmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bu konwensiýa Eýrandan başga ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan tassyklanandygyny belledi.

Hazar sammitiniň jemleri boýunça bilelikdäki beýanaty kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamada Hazar bäşliginiň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ylalaşylan ugurlary beýan ediler.

Russiýanyň Prezidenti bu sammitiň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Şeýle hem Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikiçäk duşuşyp, Halk Malsahatynyň Başlygyny doglan güni bilen hut özi gutlar. Şeýle hem rus tarapynyň gutlag hatyny hem ýollandygy bellenilýär.

Uşakow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky bu görnüşdäki hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly goşant goşandygyny belledi.

 

Eýranyň Prezidenti Türkmenistana gelýär

 

Ýene-de okaň

Moskwa şäherinde möhüm senelere bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi