DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy.

Eýranyň metbugatynyň habaryna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň daşary işler ministri Hossein Amirabodllahian Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyny maslahatlaşdy.

Taraplar şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Tährana gelýändigi, ýurduň paýtagtynyň demirgazygyndaky Saadabat köşgünde Eýranyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidentini resmi taýdan garşy aljakdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Eýrana ilkinji saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidenti golaýda, ýagny 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynda ilkinji daşary ýurt saparynda bolupdy.

 

Türkmenistan bilen Eýranyň haryt dolanyşygy 79 göterim artdy

Related posts

83 ýyl ozal öndürilen pomidor şerbeti satuwa goýuldy

Türkmenistanyň ilçisi Hirosima we Nagasakidäki çärelere gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýda iň uly harby ýöriş geçirildi

vepa