Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde möhüm oba hojalyk döwri – galla oragy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Geçen ýylyň güýzünde Diýarymyzyň mele topragyna ekilen ak bugdaýyň naýbaşy sortlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde tylla başly bol hasyla bürendi. Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen 3-nji iýunda, ýagny Bütindünýä welosiped gününde ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň edermen gallaçy daýhanlary il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý oragyna girişdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiz daýhanlar üçin ähli şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw bilen doly üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň sebitlerinde bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ony ýitgisiz ýygnamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň kepilidir.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Diýarymyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 64 sanysy işlediler. Gije-gündizleýin esasda işlediljek ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, satyn alnan ýokary öndürijilikli “John Deere” we “Сlaas” kysymly galla orujy kombaýnlar telematik ulgamlar bilen üpjün edilýär.
Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi.
hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýdan bol hasyl almagyň girewidir.
Döwlet Baştutanymyz ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, oba hojalygy boýunça ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berýär.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýy, abadançylyk derejesi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Ýaşaýyş derejesi boýunça oba ýerleri şäher derejesine barha ýakynlaşýar. Mahlasy, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar.
Aýlar Allagulyýewa, TOHU-nyn talyby.