DÜNÝÄ

Türkmenistan-BMG: hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň durnukly ösüş boýunça Toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmek boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda Türkmenistanyň ulgamlaýyn işleri amala aşyrýandygyny belledi.

Şeýle hem R.Meredow Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Bilmiň özgerdilmegi boýunça sammitiň geçirilmegini goldaýandygyny nygtady. Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek boýunça işleri geçirýandigi hem-de ýakyn wagtda bu Sammite taýýarlygyň çäklerinde milli geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar daşky gurşawy goramaklyk we Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy bilen bagly mesleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň başlangyjy bolan «Şäherlerdäki baglar» atly şäherlerde howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketleriň goldanylmagy üçin ählumumy kampaniýanyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygy aýdyldy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa resmi sapary maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

Moskwa şäherinde möhüm senelere bagyşlanan brifing geçirildi

Ata Watan Eserleri

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi