SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

Häzirki günlerde Türkmenistanda lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni bölekleýin ýatyrylýar. Açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüniniň ýatyrylýandygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi milli teleýaýlym arkaly habar berýär.

“Türkmenportal” neşirinde bellenilip geçilişi ýaly, mundan beýläk lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulaglaryň ähli görnüşlerinde we ýapyk binalarda dakynmak maslahat berilýär.

Şu ýylyň 6-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzeliklerini düýpli öwrenýändigini, şolar bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýändikleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýeriň teklibini makullap, halkyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

 

 

Telekeçilere goldaw we zerur azyk harytlary üçin 300 mln dollar berildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri