SPORT

Amerikaly işewürler Ýewropanyň güýçli toparlaryny satyn alýar

Angliýanyň “Çelsi” topary bilen Italiýanyň “Milan” toparyny amerikaly işewürler satyn aldy. Todd Bouli 4,24 milliard funt-sterlinge “Çelsi” toparyny satyn alan bolsa, Amerikanyň “RedBird Capital Partners” maýa goýum kompaniýasy 1,2 milliard dollara Italiýanyň “Milan” toparyny satyn aldy.

Amerikanyň “RedBird Capital Partners” maýa goýum kompaniýasy topary satyn almak babatda “Elliott Advisors UK Limited” kompaniýasy bilen ylalaşdy.

Şol bir wagtda “Elliott Advisors UK Limited” kompaniýasy “Milan” toparyndaky käbir artykmaçlyklaryny saklap galýar. Bu kompaniýa direktorlar geňeşinde öz ornuny saklar.

Toparyň eýesini çaly’mak işini tomus aýynda tamamlap, sentýabr aýynda geleşigi ýapmak göz öňünde tutulýar.

Amerikanyň “RedBird Capital Partners” maýa goýum kompaniýasy “Fenwey Sports Group” şereketiniň bir böleigidir. Bu kompaniýa “Liwerpul” topary hem-de “Boston REd Soks” beýsbol toparyna eýeçilik edýär. Şeýle hem “RedBird” kompaniýasynyň Fransiýanyň “Tuluza” toparynyň paýnamalaryna eýedir.

 

Güýçli futbolçylar täze topar gözleýär

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi