SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Belarus ugurly ýörite uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlar seljerilip, halkara uçar gatnawlary tapgyrlaýyn açylýar. Ilkinji gatnawlaryň Dubaý we Kazan şäherlerine amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýöne käbir beýleki ugurly ýörite gatnawlary hem dowam edýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 30-njy maýda Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirer.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň hem ýakyn wagtda Türkmenistan-Stambul ugurly gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada hem gysga wagtda size habar ýetireris.

 

Türkmenistandan Stambul ugurly ýörite uçar gatnawy

Related posts

27-nji uçar gatnawy: türkmen talyplary Russiýa gitdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistana gelende karantin düzgüni

Ata Watan Eserleri