DÜNÝÄ

Daşoguzda täze onkologiýa hassahanasy açyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy bilen birlikde, 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary astynda toý bagyny kesip, döwrebap lukmançylyk desgasynyň aýry-aýry bölümleriniň işi bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Daşoguz şäherinde gurlan täze onkologiýa hassahanasy umumy meýdany 5,9 gektara deň bolan 6 bölekden, 3 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Onda maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana, 50 orunlyk umumy onkologiýa, 50 orunlyk radiologiýa, 20 orunlyk himiýaterapiýa, 20 orunlyk gematologiýa, 10 orunlyk polliatiw hem-de 12 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Ýeri gelende daşary ýurtly bilermenler tarapyndan Daşoguz şäherinde gurlan täze hassahanalara halkara güwänamalaryň gowşurylandygyny-da nygtamak gerek.

Daşoguz welaýat onkologiýa hassahasy hem, şu günki açylan köpugurly hassahanasy hem Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Niderlandlar Patyşalygy, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edilendir.

 

Daşoguzda täze köpugurly hassahananyň açylyşy boldy

 

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy