Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 25-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Günüň birinji ýarymy, hamallar üçin diýseň dartgynly bolar. Ýöne agşama ýakyn gün ýakymly täzelikleri getirer. Günüňizi deňagramly geçirmäge synanyşyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün işdäki we öýdäki kynçylyklar gowulaşar. Öz durkuňyz bilen beriljek täze taslama üçin umytlaryňyz bolar. Täze iş mümkinçiliklerine sabyrsyzlyk bilen garaşyň. Olardan peýdalanmagy başaryň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün jöwzalar täzeliklere, garaşylmadyk ýagdaýlara taýyn bolmaly. Hemme zat meýilnamaňyza görä bolmaz, ýöne alada etmäň: üýtgeşmeleriň gowulyga tarap boljakdygy gaty ähtimal. Özüňizi ählitaraplaýyn kämilleşdirmäge çalşyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün seretanlar hatda çylşyrymly el işlerini ýerine ýetirip bilerler. Şeýle hem bu gün, ýönekeý güýmenjäňizi durnukly girdeji çeşmesine öwrüp bilersiňiz. Täze girdeji çeşmelerini gözläň. Häzirki wagta bu babatda ykbal siziň tarapyňyzda.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler şu günlerini kän zähmet çekmän, ýaltalyk bilen geçirerler. Göwnüçökgünlik, ýadawlyk sizi gurşap alar. Ähli işlerden yza çekilmek islegi dörär. Emma bu gün özüňizi işlemäge mejbur etmäň. Size megerem, biraz dynç gerek bolup biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Batyr boluň. Häzirki wagtda iň kyn meseleleri çözmekde adatdan daşary, özboluşly çemeleşiň. Şahsy durmuşyňyzda täze duýgular we aladalar peýda bolup biler. Ünsli boluň. Saglygyňyza we iýmitiňize gözegçilik etmegi ýatdan çykarmaň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün mizanlar üçin birneme asudalyk we durnuklylyk güni. Siz bu gün biraz dynç almagy we rahatlygy islärsiňiz, şonuň üçin özüňizi işlemäge mejbur etmeli dälsiňiz. Iň esasy zat, özüňizi durmuşyň ýakymly pursatlary bilen gurşamakdyr. Bu gün hatda kiçijek, ownuk zatlar hem sizi begendirip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar şu gün gyzykly tekliplere garaşýarlar. Pul tygşytlamak we hasap açmak üçin bu gün diýseň amatly. Zähmet pudagynda ösüşiň täze ugruny gözläň. Şeýle hysyrdyly iş günüňiziň daşynda, maşgalaňyza hem wagt sarp etmek diýseň möhümdir.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Kowuslar, bu gün islendik dawanyň ýüze çykan ýagdaýynda özüňizi mümkin boldugyça giň we mylakatly alyp barjak boluň. Duýgulara ýol bermäň we aragatnaşykda çäklerden çykmaň, sebäbi bu siziň keşbiňizi ep-esli derejede pese düşürip biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün daluwlar gerekli ýerde we gerekli wagtda bolup bilerler. Tötänleýin duşuşyk geljekde köp garaşylmadyk we bagtly pursatlary getirer. Bagtyňyze elden gidirmejek boluň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hutlar üçin bu gün gabat gelip biljek täze tanyşlar, professional maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar. Gün oňyn ýagdaýda, deňagramly geçer. Işewür meseleler bilen bir hatarda, şahsy durmuşyňyzdaky wakalar hem siziň göwnüňizden turar.
24-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama