MEDENIÝET

19-njy maý baýramçylygy Aşgabatda bellenip geçildi

Aşgabatda 19-njy maý – Atatürki ýatlama, ýaşlyk we sport baýramy bellenildi. Aşgabatdaky Atatürk seýilgähinde geçirilen baýramçylyga Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geňeşçisi Gülşah Jumurju, ilçihananyň işgärleri, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Merjen Geldiýewa we mugallymlardyr okuwçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk bir minutlyk hormat duruşyndan soň iki ýurduň milli senasynyň okalmagy bilen başlandy. Soňra Atatürküň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi.

Soňra dabara Aşgabatdaky türkmen-türk bilelikdäki mekdebinde dowam etdi. Ilçiniň geňeşçisi Gülşah Jumurjynyň çykyşyndan soň dabarada mekdebiň okuwçylarynyň taýýarlan çykyşlary görkezildi. Dabaranyň soňunda okuwçylaryň arasynda geçirilen dürli sport bäsleşikleriniň jemleri mälim edildi. Bäsleşiklerde baýrakly ýerleri eýelän okuwçylar medallar we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

 

Goşa toýuň şatlygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri başlaýar