SIZDEN GELENLER

Agaçlaryň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä ilatynyň 56 göterimden gowragy şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýar. 2050-nji ýyla çenli bu görkeziji has-da artar diýlip çak edilýär. Hünärmenler şäherlerdäki seýilgähleriň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigini, şol sanda, stresi azaldyp, göwnüňi göterýändigini, ýürek-damar kesellerini we metabolik alamatlary aradan aýyrýandygyny aýdýarlar. Şäherlerdäki agaçlar howanyň hapalanmagynyň ýaramaz täsirlerini azaltmaga kömek edýär. Şäheri durmuş-ykdysady we ekologiýa taýdan has-da durnukly etmek üçin, agaçlaryň we tokaýlaryň peýdaly taraplaryny size ýetirýäris:
Agaçlar adatça, adamy miweler bilen üpjün edip, azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Şäherlerde agaçlaryň tertipli ýerleşişi howanyň 2-8 derejä çenli salkynlamagyna sebäp bolup, şäherlerdäki “ýylylyk gümmeziniň” täsirini peseldýär.

Uly agaçlar şäheri hapalaýjy maddalardyr, ownujak bölejikler üçin, özboluşly süzgüç bolup hyzmat edýär. Olar hapalaýjy gazlary (mysal üçin, kömürturşy gazyny, azot oksidleri we kükürt oksidleri) özüne siňdirýärler we howany tozan, gurum ýa-da tüsse ýaly maýda bölejiklerden saplaýarlar.
Geçirilen barlaglar, şäherlerdäki ýaşyl zolaklara golaý ýerlerde ýaşamagyň, gan basyşyny we stresi peseltmek bilen birlikde, fiziki we ruhy saglygy durnuklaşdyrmaga kömek edýändigini görkezdi. Bu bolsa, öz gezeginde şäher ilatynyň abadan durmuşyna goşant goşýar

Agaçlar şäher biodürlüligini döretmekde, ösümlikleri we haýwanlary amatly ýaşaýyş gurşawy, iýmit we gorag bilen üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar.

Uly agaç bir ýylda 150 kg kömürturşy gazyny özüne sorýar. Şol sebäpli, agaçlar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem agaçlar howanyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär, esasan hem, köp ilatly şäherlerde sagdyn durmuş ýörelgesi üçin oňaýly şertleri döredýär.

Atajan Şiriýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

 

APL-de poker etmegi başaran futbolçylar

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri