Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogynyň duşuşygy geçirilýär.
Bu forum Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň duşuşygy bolup durýar.
Çäräni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mammedowa açyp, dialogyň zenanlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, ynamy we özara düşünişmegi goldamaga, parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine has möhüm täsir etmek üçin mümkinçilikler döretmäge gönükdirilendigini belledi.
Şeýle hem zenanlaryň işjeň işleri we täze pikirleri bilen howanyň üýtgemeginiň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň ýaramaz täsirleri, şeýle hem durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş meselelerini çözmekde global howplara garşy göreşmekde uly goşant goşýandyklaryny mälim etdi.
Foruma gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bolsa, 2020-nji ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň döredilendigini belläp, gysga döwürde zenanlaryň jemgyýetçilik we syýasy durmuşdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin özüni abraýly sebit platformasy hökmünde yglan etmegi başarandygyny mälim etdi.
– Russiýada-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynda-da aýal-gyzlara hormat goýmak milli gymmatlyklar we jemgyýetçilik ýörelgeleri esasynda durýar.Ýurtlarymyzdaky zenanlar mydama hoşniýetliligiň we rehimdarlygyň şahsyýeti, däp-dessurlary göteriji, ojagy saklaýan adam hökmünde tanalýar – diýip, Matwiýenko belläp geçdi.
Häzirki zaman dünýäsinde halkara, sebitara gatnaşyklary, parlament diplomatiýasyny güýçlendirmekde aýallaryň uly täsiri bar diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygy sözüni dowam etdi. “Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy platformasy Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn aragatnaşykda, ýurtlarymyzyň zenan liderleriniň arasynda has işjeň işleşmäge, özara peýdaly gatnaşyklar üçin täze ugurlary gözlemäge kömek eder” diýip belledi.
Şeýle hem forumda Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan boýunça hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdiler.
Mundan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň parlamentleriniň wekilleri zenanlaryň parahatçylyk we durnukly ösüş, medeni aýratynlygy goramak, telekeçiligi ösdürmek üçin halkara gepleşikleri alyp barmakdaky orny barada çykyş etdiler.
Forumyň netijesinde, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Jarnamasy kabul edildi. Resminamada bu döwletleriň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda gazananlary bellenilip geçilýär.
Şeýle hem 2022-nji ýyl üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň iş hereketleriniň Meýilnamasyna gol çekildi.