Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 13-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Özüňize ideg etmek hemme zatdan möhümdir. Häzirki wagtda edil asylzadalar ýaly özüňize serediň. Ýatmazyňyzdan ozal suwa düşmek üçin wannaňyzy ýörite taýýarlaň. Isleýän zadyňyzy gysganman alyň, iýiň, içiň. Bu gün hemme zat dynç alşyňyza goşant goşmalydyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün uly intuziazm, başarjaňlyk we dogumlylyk görkezseňiz, köp zatlary, hatda adatlary-da üýtgedip biljekdigiňize haýran galarsyňyz. Sowurlar häzirki wagtda köp zatlaryň finansyny öz boýnuňyza almaly bolarsyňyz. Maliýe serişdeleriňiziň nireden gelýändigini we nämä sarp edilendigini ölçemek peýdaly bolar. Islegleriňiziň sanawyny düzmek gowy pikir. “Eger bir zady halamaýan bolsaňyz, oňa pul bermek zerurmy?” şu soragyň üstünde gowy pikirleniň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Muny boýun almak ajy, ýöne ýakynlaryňyz hemişe ýanyňyzda bolmaz. Her kim öz duýgularyna we maksatlaryna görä hereket eder. Size hiç kimiň aýratyn wagty bolmaz. Elbetde bu jöwzalaryň günäsi däldir. Şonuň üçin ýakynlaryňyz bilen köp wagt geçiriň. Olaryň gadryny biliň. Duýguçyl görünmekden gorkmaň, sebäbi gatnaşyklar durmuşyň esasy ugurlaryndan biridir.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Gadyrdan seretanlar! Arzuwlaryň hasyl bolmak aýratynlygy bardyr. Siziň hem arzuwlaryňyzyň amala aşmagyna taýyn boluň. Nätanyş adamlar bilen bagtyňyzy we şatlygyňyzy paýlaşyň. Birdenkä aşa duýgur bolup bilersiňiz. Ondan saplanmak üçin biraz wagtlap özüňiz bilen wagt geçiriň, güýjüňizi dikeldiň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Siz eýýäm öz maksadyňyzy saýladyňyz. Sorag, muny etmäge batyrlygyňyz barmy? Esetler bu soraga özleri jogap bermeli bolarlar. Pikirlerden ýaňa ýarym ýoldan ýüz öwürmäge sebäp boljak meseleler ýüze çykyp biler. Ýöne hiç bir ýagdaýda yza çekiläýmaň. Intuisiýaňyz size kömek eder. Bu esetleri her gün diňe güýçlendirer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Içki sesiňizi diňläň we size maslahat berilýän zady ýerine ýetiriň. Surat çekmek, arassaçylyk işlerini geçirmek, özüňize ideg etmek bu gün gowy amallar bolar. Häzir sünbülelere hakyky özlerini tanamak üçin möhüm döwür. Bu gün seýilgähde gezip ýa-da film görüp bilersiňiz. Häzirki wagtda esasy zat özüňiz bilen sazlaşyk tapmakdyr.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ýeke bolsaňyz, daş-töweregiňize göz aýlaň. Siziň ýaryňyz, pikir edişiňizden has ýakyn bolup biler. Aşa tankydy we flirti taşlaň. Şol adamyň hakykatdan-da siziňkidigini diňe wagt görkezer. Flirt etmezlik bilen bolsa, siz hiç kime hiç zat wada bermeýärsiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Gapdaldan romantika gözlemegi bes ediň – bir wagtlar saýlan beýleki ýaryňyza ýüregiňiz we bedeniňiz bilen wepaly boluň. Özüňize we töweregiňizdäkilere dogruçyl boluň. Saglygyňyza üns beriň. Dogtaryň görkezmesi bar bolsa, ony gaýra goýman ýerine ýetiriň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün sizi dildüwşüklere we dawa-jenjellere çekmäge synanyşarlar. Size ýamanlyk isleýänlerden has ýokary boluň! Hiç kim we hiç zat siziň keýpiňizi gaçyrmagyňyza mynasyp däl. Beýlekiler dawa etmegi halaýan bolsa, bu siziň problemaňyz däl. Dogruçyllygyňyzdan peýdalanyp duýgularyňyza basys etmekleri mümkin. Emma hiç hili ýagdaýda üns bermäň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Eger siz barada gybat edýän bolsalar, onda siz olardan has öňdesiňiz. Şonuň üçin olara üns bermeli dälsiňiz. Diňe ynamsyz we bagtsyz adamlar başga biriniň durmuşyny öz durmuşyna derek ýaşaýandyrlar. Öňümizdäki günlerde hakyky dostlaryňyzyň kimdigin düşünersiňiz. Iş ýeriňizde-de hüşgär bolmak has gowudyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Ýakyn wagtda möhüm üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin. Emma bu diňe rahatlyk zonaňyzdan çykmak duýgusyny döreder. Gorkmaly dälsiňiz. Häzir ähli meselede maslahat soramaly däl. Diňe özüňizi diňlemeli. Öz hereketleriňize daşyňyzdan seredip baha berjek boluň. Diňe içki sazlaşyk size parahatçylyk we asudalyk getirer.
12-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama