SIZDEN GELENLER

Sekwoýa agajy barada gyzykly maglumatlar

Bag, ösümlik dünýäsi barada söz açylanda, ilkinji nobatda, daş-töweregimizi gülzarlyga büräp, onuň ynsanlara berýän ruhy lezzeti hakydaňa gelýär. Belki-de, döredijilikde hem ylham gönezliginiň başlangyjy tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan ösümlik dünýäsidir. Ösümlik bilen bezelen baýyrlyklar, derelerdir düzlükler ýaşaýşa bolan söýgiňi, joşgunyňy artdyrýar.
Biz ösümlik, bag, agaç ýaly tebigat gözelliklerini ýada salanymyzda, ilkinji nobatda, onuň ýaşaýşa berýän iýmit önümleri we gülleriniň ajaýyplygy barada köp oýlanýarys. Şolar dogrusynda ýer togalagynda «ýaşaýyş» diýlen düşünjäniň emele gelmeginde beýleki janly bedenler bilen deňeşdirilende, ösümliklere uly orun degişlidir.
Sekwoýa hemişe gök öwüsýän we biçak uly pürli agaçdyr. Onuň mekany Demirgazyk Amerikadyr (Ýuwaş ummanynyň kenarlary). Sekwoýa agaçlary müňlerçe ýyllyk bolup biler. Mundan başga-da, dünýädäki iň beýik agaçlaryň biridir.
Kaliforniýanyň Milli sekwoýa parkynda ýerleşýän «General Şerman» agajy dünýäniň iň giň göwrümli agajydyr.
* Sekwoýanyň diňe 1 görnüş bar.
* Käbir sekwoýlaryň beýikligi 110 m-den geçýär.
* Sekwoýa serwi agaçlar maşgalasyna degişlidir we hemişe gök öwüsýän agaçdyr.
* Ýer şarynda iň gadymy sekwoýalarynyň ýaşynyň 2 müň ýyldan gowrakdygyny bilýärdiňizmi?
* Sekwoýanyň galyňlygy 30 santimetre ýetýän gaty galyň gabygy bar.
* Birnäçe alym sekwoýanyň adynyň Çeroki taýpasyndan bolan indeý liderine degişlidigine ynanýarlar.
* Sekwoýa deňiz derejesinden 1 km beýiklikde ösüp biler.
* Gyzykly bir hakykat, iň beýik sekwoýanyň San-Fransiskoda ösýär. Häzirki wagtda onuň beýikligi 115,6 metre ýetýär.
* “General Şerman” diýlip atlandyrylýan sekwoýanyň sütüniniň göwrümi 1487 m³ diýlip çaklanylýar.
* Sekwoýa agajy çydamly däl. Şol sebäpli gurluşykda hiç wagt ulanylmaýar.
* Agajyň gabygy çyglylyk bilen doýýar, netijede tokaý ýangynlary wagtynda gowy gorag hökmünde çykyş edýär.
* Sekwoýa köplenç mamont agajy diýilýär, sebäbi şahalary mamontyň gyýaklaryna meňzeýär.
* Her sekwoýa konusynda uzynlygy 3-4 mm bolan 3-7 tohum bar.
* Sekwoýanyň diňe ýokary çyglylygy bolan sebitlerde bolýar.
* Häzirki wagtda ösýän sekwoýalaryň 15-siniň beýikligi 110 m-den gowrak.
Baýrammyrat Täşliýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/birza-tazelikleri-dasary-yurt-isewurleri-arassalanmadyk-parafini-satyn-aldylar/

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti