SIZDEN GELENLER

Taryhy ýadygärlikleriň belent sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen bagtly geljege barýan ýurdumyzyň her bir künjeginde biziň buýsançly taryhymyzdan söz açýan birnäçe ýadygärliklere, galalara, muzeýlere, kerwensaraýlara duş gelmek bolýar.

Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir.

Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müňýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlapdyr we olar kuwwatly döwlet bolmak bilen, medeniýeti ösüp, ýokary derejä ýetipdir.

Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri muzeýlerimiz tarapyndan hem yzygiderli amala aşyrylýar.

Ajaýyp ýadygärlikler toplumy bolan gadymy Merw topragy barada gürrüň edenimizde, ol ylmyň merkezi bolmak bilen birlikde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Taryhy ýadygärlikleriniň sany boýunça gadymy Merw antik hem giçki orta asyr şäherleriniň gabat gelýän esasy syýahatçylyk nokatlarynyň biridir. Şolaryň arasynda XII asyr Gündogar binagärliginiň dürdänesi hasap edilýän Seljuklaryň hökümdary Soltan Sanjaryň aramgähi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi milli mirasymyza we taryhy ýadygärliklerimize goýulýan beýik sarpadan nyşandyr.

Taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak, milli medeni mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek bilen baglanyşykly il-ýurt bähbitli işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has giň gerim bilen dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Araztagan Rejepowa, 
TDU-nyň Taryh we arhiologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün