SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli bilim özgertmeleriniň baş maksady halkymyzyň milli gymmatlyklar ýörelgesine laýyk gelýän we häzirki zaman dünýä ölçegleriniň derejesindäki bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan multimedia serişdeleri we habar beriş, internet ulgamy bilen üpjün edilen täze, döwrebap okuw mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi kämilleşdirilýär. Okatmagyň häzirki zaman, has netijeli usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin zerur bolan ugurlar boýunça täze orta hünär we ýokary okuw mekdepleri açylýar, olara kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine götermekde möhüm serişdeleriň biri hökmünde bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň beýleki degişli düzümleri bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Bular ýurdumyzyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ygtybarly hukuk binýadynyň döredilendiginiň we onuň barha kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Milli ykdysadyýetiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy we ösmegi şeýle özgertmelere laýyk hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Her ýyl ýurdumyzyň dürli pudaklaryna zerur hünärmenleri taýýarlamak üçin ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlardyr hünärleriň birnäçesi açylýar. Şu okuw ýylynyň başyndan täze hünärleriň 30-dan gowragy açyldy. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny ilerletmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerden ugur alnyp, täze ugurlar açyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär, bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir.

Röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan ýaş nesiller ata Watanymyzyň daýanjy bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak her bir bilim işgäri üçin möhüm wezipe bolup durýar.

Ogulşirin Mämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ
Zootehniya taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.

 

Şäherimiziň täsin ösümligi

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi