Her bir adam hiç bir janly organizmiň suwsuz gezip bilmejekdigini bilýär. Ýer planetasy 70% suw bilen örtülendir we şonuň üçin tebigaty şeýle üýtgeşik we dürli-dürlüdir.
Şeýle-de bolsa, şu güne çenli deňizleriň we ummanlaryň diňe 5% i öwrenildi. Ýagny, diňe deňziň düýbünde gizlenen zatlar hakynda çaklamak mümkin. Mariana çöketliginiň özboluşly gymmaty – ýeriň iň çuň ýeri.
Şu ýerde deňizler we ummanlar hakynda köp gyzykly maglumatlary öwrenmek bolar.
- Planetamyzda 4 umman we 63 deňiz bar.
- Antarktidanyň kenarlaryny ýuwýan Ueadella deňzi Ýerdäki iň arassa ýerdir.
- Filippin deňzi dünýäniň iň çuň ýeridir. Ortaça çuňlugy 4000 m, iň çuň ýeri bolsa 11000 metre ýetýär.
- Sargassowo deňzi iň uly meýdany bilen tapawutlanýar.
- Diňe Gyzyl deňze ýekeje derýa hem guýmaýar.
- Tolkunlar takmynan 40 metre ýetende, bu 9 gatly binadan has beýikdir.
- Gündogar Sibir deňzi dünýäniň iň sowuk deňzidir.
- Ortaýer deňzi iň köp ýurdy ýuwýar.
- Dünýä ummanlary ylym taýdan entek açylmaly we öwrenilmeli ähli janly-jandarlaryň 99% -ini öz içine alýar.
- Dünýä ummanynyň ortaça temperaturasy + 3 ° C.
- Statistika maglumatlary dünýäniň iň uly şäherleriniň 75% -iniň deňiz kenarlarynda ýerleşýändigini görkezýär.
- BMG-niň maglumatyna görä, deňizleriň düýbünde takmynan 3 million heläkçilige uçran gämi bar.
- Deňiz akymynyň iň çalt ugry Norwegiýadaky Soltfiordda duş gelýär. Onuň tizligi sagatda 30 km.
- Atlantik ummany deňiz derejesinden 200 m belentlikde, Hindi ummany bolsa deňiz derejesinden 100 m aşakda ýerleşýär.
Mekan Ýegenmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/bayram-jutdiyew/
