SIZDEN GELENLER

Oba hojalykçy hünärmenlere iňlis dilini öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde oba hojalykçy hünärmenlere we talyplara iňlis dilini öwretmekde usulyýet aýratynlygy boýunça ylmy iş alnyp barylýar. Bu ylmy işimizden şu aşakdaky usullary görkezmek bolýar.

AUDIRLEME WE ÝAZUW USULY

Bu usulda talyplar sözleri, söz düzümleri we sözlemleri diňlemek arkaly iňlis dilinde sözleriň okalyşy aýdylyş yzygiderliligini, tanyş ýagny öň öwrenilen sözleriň gaýtalanmagy gazanylýar. Olar öwrenilen tema boýunça ýönekeý sözlemleri düzýärler, sorag berip bilime endigini ösdürýärler. Oba hojalygyna degişli sözleri tapmak usulynda, mysal üçin: “Oba hojalyk dünýäni iýmitlendirýär” diýen sözlemiň esasynda talyplarymyz azyndan 20-30 sözlerden ybarat bolan sözleri tapyp bilýärler. Bu usuldan peýdalanyp, olardan oba hojalygyna degişli we öz hünärlerine degişli tekstdir sözlemlerden we söz düzümlerden ybarat bolan sözlük diktantyny, diktant almakda usul berkidilýär.

GEPLEŞIK USULY

Bu usulda talyplar öwrenen maglumatlary esasynda gepleşikleriň üsti bilen maglumat alyş-çalşygyny ýerine ýetirýärler. Uly bolmadyk söhbede gatnaşýarlar, gepleşigiň yzygiderligini saklamagy öwrenýärler.

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti üçin (“At the market”, “At the bank”, “With digital system and economy”), Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti üçin (“Market life”, “Shopping”, “Vegetables and fruits”), Dokma önümçiligi fakulteti üçin (“Seasonal clothes”, “Children’s shop”, “Fashion and style”), Weterinar lukmançylygy fakulteti üçin (“At the animals’ drugstore”, “Breeding animals”, “Animal world”), Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakulteti üçin (“On the way”, “Agricultural machinery”, “Tools and transport”), Agronomçylyk fakulteti üçin (“On the picnic”, Wheat and cotton season”, “Harvest time”, “Nature in different seasons”), Gidromeliorasiýa fakulteti üçin (“Water system and irrigation”, “Travelling to the mountains”, “Land users”), Agroekologiýa fakulteti üçin (“Care of plants”, “Plant life”, “Gardening”) ýaly temalarda gepleşikler alnyp barylýar.

MONOLOG USULY

Bu usulda öwrenilen materiallaryň çäklerinde özleriniň ileri tutmalaryny we ýagdaýyny (göwnüne ýaraýar-ýaramaýar, gün tertibini, häsiýet aýratynlyklaryny, özleri baradaky maglumaty) beýan edip bilýärler. Öwrenen sözlerine daýanmak bilen tekstleri gürrüň berýärler.

GÖRKEZME USULY

Öz hünärlerine degişli gysga wideorolikleri görkezmek bilen görüş ýadynyň ösmegini göz öňüne tutulýar, şeýle-de öz hünärlerine degişli görkezilýän adaty suratlara seredip iňlis dili sapagynda öwrenen grammatikalaryny ulanyp sözlem düzüp bilmek endiklerini ösdürilýär. Taýýarlanan prezentasiýalar bilen sapaklar berkidilýär we talyplaryň hem öz hünärlerine degişli temalarda iňlis dilinde prezentasiýalary döretmekleri, çykyş etmekleri we multimediýa tagtasyny ulanmaklygy gazanylýar we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Taýýarlan:

 Ýaňyl ATAGULYÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

 

Ahalteke atlarynyň şan-şöhraty dünýä dolýar

Ýene-de okaň

Mustezat özboluşly bir şygyr görnüşidir

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry