BIZNES

Hytaý Merkezi Aziýadan 10.97 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn saldy

Şu ýylyň birinji çärýeginde Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 10.97 milliard dollar möçberinde tebigy gaz iberildi. Bu barada “PipeChina West Gas Pipeline” kompaniýasy habar berýär.

Şeýle hem “Sinhua” agentliginiň habaryna görä, geçen ýylyň dowamynda bu gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 44,1 milliard dollarlyk tebigy gaz akdaryldy.

Gaz geçirijisiniň uzynlygy 1833 kilometr bolup, onuň taslama kuwwaty 60 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyplydyr we 2009-njy ýylda ulanmaga berildi.

Türkmenistandan gözbaş alýan bu gaz geçirijisi Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom etrabyna baryp ýetýär we Hytaýyň ilkinji serhetüsti gaz geçirijisidir.

Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport etmekde öňdeligi eýeleýär. Bu ugurda ikinji orunda Russiýa, soňlugy bilen Mýanma, Gazagystan we Özbegistan barýar.

Häzirki wagtda HHR Türkmenistandan 300 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz satyn aldy.

 

Birža täzelikleri: gazak işewürleri nah ýüplük satyn aldy

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy