TESWIRLER

Magtymguly Pyragy

Doglan ýeri:

Gürgeniň Hajygowşan diýen ýeri

Doglan senesi:

1724-nji ýyl

Aradan çykan  senesi:

1807-nji ýyl

Käri :

Şahyr, filosof

Bilimi:

Buharanyň Gögeldaş medresesi, Hywadaky Şirgazy han  medresesinde okapdyr.

Gysgaça maglumat:

Magtymguly-akyldar, ussat, şahyr, watançy, syýahatçy. Halk rowaýatlarynda gabat gelmese-de, şahyryň Anadoly, Azerbaýjan, Dagystan, Eýran, Siriýa, Yrak ýaly ýurtlarda-da bolandygyny aýtmak bolar. Magtymguly syýahaty söýen, jahankeşde adam ekeni. Magtymguly türkmenleriň gökleň taýpasynyň gerkez tiresindendir. Magtymguly özüne “Pyragy” edebi lakamy alypdyr. “Pyragy” lakamy aýrylýan, bir çüňke çekilen, dünýäden iren ýaly manyda bolupdyr.

Magtymguly bilesigeliji adam eken. Ol Nyzamy, Dehlewi, Sagdy, Jamy, Rumy, Abu Sagyt, Omar Haýýam, Ýunus Emre, Hemedany, Nowaýy, Fizuly, Garajaoglan ýaly Gündogaryň beýik ussat şahyrlarynyň eserlerini okap, özleşdiripdir, olardan görelde alypdyr.

Şahsy durmuşy:

Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azady. Magtymguly öz obadaşy Meňli diýen gyzy söýüpdir, emma olar maşgala durmuşyny gurup bilmeýärler.

Döredijiligi:

Magtymguly döredijilik işine ýaşlyk ýyllaryndan başlaýar. Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda, milliligindedir, halkylygyndadyr.

Akademik w.w. Bartold bu barada: “… türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenler” diýip, uly hormat bilen ýazypdyr. Beýik akyldar şygyrlarynyň milliligi bilen “ Dünýä şygryýetiniň Elbrusy” (şahyr Kaýsyn Kulyýew) belentligine göterildi.

2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuny mynasyp bellemäge taýýarlanylýar.

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Çeşme:

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw kitaby,                                :Türkmen Döwlet Neşirýat Gullugy, 2016, sahypa-152-162

 

Peýdaly maglumatlar:

“Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp”

Magtymguly Pyragy : Ajap Eýýam Gelmedi

Magtymguly : Adamzat, Aglaşmak bardyr we Ahyrzaman geler

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady