SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Iki ýyldan soňra halkara awtobus gatnawyna başlady

Özbegistan iki ýyl mundan ozal, koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara awtobus gatnawyny täzeden ýola goýdy. Şu günden başlap, gündelik Daşkent-Bişkek halkara awtobus gatnawy badalga aldy.

Golaýda, Özbegistan Gazagystan bilen demirýol gatnawyny hem ýola goýdy. bu gatnaw hem karantin çärelerini ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Daşkent-Bişkek awtobus gatnawlary her gün 2 gezek  – 18:00-da we 19:00-da amala aşyrylýar. Daşkent-Bişkek ugrunyň uzynlygy 601 kilometr bolup, awtobus gatnawynyň wagty 12 sagat 40 minutdyr.

Mälim bolşy ýaly, bu gatnaw 2020-nji ýylda koronawirus ýokanjy sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen togtadylypdy.

 

 

Hindi kinosynyň ägirdi

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy