DÜNÝÄ

Boris Jonson Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonson Türkmenistanyň Prezidentini ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlap, gutlag hatyny iberdi. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz baradaky habary uly gyzyklanma bilen kabul etdim. Öňümizdäki ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin.

Döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad we beýleki resmi adamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn netijeli gepleşikleri geçirdiler.

Siziň ýurduňyzyň “ýaşyl” energiýa çeşmesine geçmegi ugrunda hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän uludyr. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekdäki bilelikdäki tagallalar özara söwda gatnaşyklarymyza itergi berjek täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilikleri açar.

Size ýurduňyzyň we halkyňyzyň bähbidine tutumly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Makron: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge taýýardyrys

Ýene-de okaň

AIIB-niň ýolbaşçysy Awazadaky foruma gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-inde BAE-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer