JEMGYÝET

Telekeçileriň sergisi we maslahaty

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara öz Gutlag hatyny iberdi.

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.

Hormatly hususy ulgamyň zähmetkeşleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen, döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris.

Hormatly telekeçiler!

Bitarap döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde türkmenistanly telekeçilere daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açylýar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda işjeň synçy derejesine eýe bolmagy-da ýurdumyzda önümçilik düzümlerini ösdürmekde, eksportyň möçberini artdyrmakda we bazar özgertmelerinde durnukly ugry üpjün etmekde giň şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikler bilen birlikde eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalar hem gurlup, işe girizilýär. Netijede, ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň senagat, oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem amala aşyrýan hyzmatlarynyň daşary ýurt bazarlaryndaky orny yzygiderli pugtalanýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gysga döwrüň içinde özlerine bildirilen ynamy ödäp, abraýly netijeleri gazanmagy başarandyklary buýsançly ýagdaýdyr.

Munuň şeýledigine soňky ýyllarda durmuşa geçirilen iri taslamalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, gurlup, halkyň hyzmatyna berlen «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat — Tejen» bölegini, söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat «Aşgabat» binalar toplumyny, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly açylyp, işe girizilen döwrebap ýyladyşhanalary we onlarça iri senagat kärhanalaryny görkezmek bolar.

Nesip bolsa, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzy hem uly zähmet üstünliklerine besläris. Men düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam edip, wagtynda tamamlamak üçin hususy telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!

Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, öňde durýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Baýdene gutlag iberdi

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri