Dünýäde öndürilýän şekeriň 30 göterimi şugundyrdan alynýar. Ol diňe bir şeker almak üçin däl, iýmit hökmünde hem giňden ulanylýar. Demir, kaliý, magniý, C we B witaminlerine baý bolan gök ekin, saglyk üçin örän peýdalydyr. Süýji tagamly şugundyryň birnäçe görnüşi bar. Olaryň goýy gyzyl, ak, sary reňklisi bolýar.
Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy
üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem
deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B
topara degişli ýokumlar köpdür.
Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.
Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) keselinde iýmek peýdalydyr.
Munuň üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar.
Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin ýaly madda bolup, ol düwnük (rak) çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar.
Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler. Meselem, eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler.
Düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada diýseň peýdaly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda hem giňden peýdalanylýar.
Şugundyryň adatça, iýmitlik hökmünde ulanylýan gyzyl görnüşinden başga-da, 15 töweregi görnüşi bar. Gyzyl şugundyryň şiresi hem adam saglygy üçin örän peýdaly bolup, lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Gant şugundyry bolsa, adatça şeker almak üçin senagat taýdan ulanylýar. Onuň düzüminde 12-20 % saharoza bar. Şeýle-de iýmlik şugundyr hem bolýar.
Aknur Esenowa, TOHU-nyñ talyby.