DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar!

Gadyrly watandaşlar!

Hormatly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym.

Mähriban halkymyň meni Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, bildiren uly ynamy watandaşlarymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär.

Meniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegim mynasybetli geçirilýän dabaraly çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize, ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekillerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Pursatdan peýdalanyp, meniň bilen birlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan watandaşlaryma hem minnetdarlyk bildirýärin. Olar ählihalk saýlawlaryna türkmen halkynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde iň mynasyp adamlary hödürländigini subut etdiler.

Şeýle hem men bu örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni halkara talaplara laýyklykda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda, ýokary derejede gurandyklary üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli we halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli watandaşlaryma tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormatly watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Men şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen, halkyma wepaly hyzmat etjekdigim barada kasam etdim. Häzir bolsa bu wezipede nähili işlejekdigim, ilkinji nobatda zerur bolan haýsy meselelere seretjekdigim barada aýtmak isleýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.

Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirdi. Oňyn syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleri üstünlikli amala aşyrdy. Hereket etmegiň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Milletiň Lideriniň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkyna ynamy we söýgüsi türkmen döwletini ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Halkara gatnaşyklarda Türkmenistan ozalky syýasy garaýyşlarynda galýar. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkider.

Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris.

Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler.

Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda, durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir. Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwaty halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şuny göz öňünde tutup, biz milli Ýaragly Güýçlerimiziň, beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary ederis. Bu edaralar üçin geljekde hem häzirki zamanyň iň kämil tehnikalaryny, beýleki zerur enjamlary satyn alarys. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys.

Geljekde biz Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçireris.

Howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Men saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarymda paýtagtymyzda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumyny, welaýatlarda täze, häzirki zaman obalarynydyr şäherçelerini gurmak barada jikme-jik aýtdym. Nesip bolsa, bu işleri geljekde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem dowam etdireris.

Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýumlaryň möçberi-de artdyrylar.

Ekologik abadançylygy üpjün etmek, geljek nesillerimiz üçin ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biologik dürlüligini artdyrmak, tebigy serişdelerimizi netijeli we durnukly peýdalanmak, şeýle hem bereketli topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça giň gerimli işler geçiriler.

Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler. Ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmäge, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmäge aýratyn üns berler.

Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys.

Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys.

Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris.

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder.

Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.

Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler.

Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem işleri geçireris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.

Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar.

Hormatly watandaşlar!

Men ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geljekde etmeli işlerimiz barada umumylaşdyryp gürrüň berdim. Kabul eden maksatnamamyzda öňde goýan wezipelerimizi öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin biz ähli mümkinçiliklerimizi ulanyp, agzybirlikde we jebislikde, el-ele berip işlemelidiris.

Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn.

Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!

Eziz watandaşlar!

Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris!

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna işjeň gatnaşan, şol sanda meniň üçin ses beren ähli saýlawçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gujur-gaýratymy, bilim-tejribämi we başarnygymy gaýgyrmajakdygyma sizi ýene-de bir gezek ynandyrýaryn.

Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys.

Bu ýurt biziň Watanymyzdyr!

Bu ýer biziň mähriban topragymyzdyr!

Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!

Ýaşasyn türkmen halky!

Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan!

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy