JEMGYÝET

BAE-niň wise-premýeri Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öz işini täze wezipede — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etjekdigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge beren aýratyn ünsi we şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda taraplaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary edýändiklerini nygtap, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň ählumumy bähbitlere laýyklykda geljekde-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de berkidiljekdigine pugta ynam bildirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri, öz nobatynda, türkmen Liderini giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary bilen gutlady. Bu saýlawlaryň üstünligi ýurduň seçip alan demokratik özgertmeler ýoluna gyşarnyksyz eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan soňky ýyllaryň dowamynda hut türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetmegi başarandygyny, halkara giňişlikde abraýyny has-da ýokary galdyrandygyny belläp, türkmen döwletiniň häzirki Baştutanyna berk jan saglyk hem-de täze işinde üstünlik arzuw etdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, telefony Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary hem-de iň gowy arzuwlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň häzirki Prezidentiniň ýoluny dowam etdirjekdigini nygtady. Hususan-da, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze, geljegi uly ugurlaryny gözlemäge taýýarlyk bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikler, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

 

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri