Her ýylyň mart aýynyň birinji ýekşenbesinde iň bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri – Halkara çagalar telewideniýasy we radio güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk 1991-nji ýylda BMG-niň ÝUNISEF edarasy tarapyndan kiçijik teletomaşaçylary hem unutmazlyk maksady bilen döredildi.
Her ýyl mart aýynyň birinji ýekşenbesinde öňdebaryjy tele we radio kompaniýalary çagalar üçin ýörite gepleşikler taýýarlap ýaýlyma berýärler. Bu gepleşiklerde çagalaryň gyzyklanýan ugurlary göz öňünde tutulýar. Bu baýramçylygyň esasy maksady – köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çagalar bilen baglanyşykly mowzuklara çekmekden ybaratdyr. Bu gün, çagalar bilen baglanyşykly telewizion we radio gepleşiklerini öndürmek bilen meşgullanýan ähli işgärler hünär baýramyny belleýärler.
Halkara çagalar telewideniýesi we radio ýaýlymy güni döredileli bäri, ýüzden gowrak ýurtda müňlerçe teleýaýlym we radio alyp baryjylary bu baýramçylygyň özboluşlylygyny gorap saklamak ugrunda tagalla edýärler.
Mundan başga-da, 1994-nji ýylda ÝUNISEF we Halkara Telewideniýe, sungat we ylymlar akademiýasy ýörite baýrak döretdi, bu baýrak baýramçylyk gününde ýaýlyma berilýän iň gowy gepleşigi taýýarlan teleýaýlym kompaniýasyna gowşurylýar. Şeýle hem 2008-nji ýylda ÝUNISEF telewideniýe we radio kompaniýalary üçin öz baýragyny döretdi.
Röwşen Satlykow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.