SIZDEN GELENLER

Milli gymmatlyklaryň belent sarpasy

Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaý itleri dünýäde uly şöhrata eýe boldy.

Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony wagyz  etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir. Bu babatda ahalteke bedewlerimiziň hem-de türkmen alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalar edilýär.

Milli gymmatlyklarymyzy ünsden düşürmeýän milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna Eýýam diýip at dakmagy milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy hem edil ahalteke bedewleri ýaly dünýäde meşhur tohumlaryň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagy netijesinde ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi.

Azat Omadow, S.A.Nyýazow adyndaky

Tùrkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

16 ýaşynda dünýä çempionyny ýeňdi

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk