JEMGYÝET

2022-nji ýylda 3 million düýp bag ekiler

Şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, şu ýyl  paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Geçen ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbi oturdyldy. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekildi.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp bag nahaly oturdylypdy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

 

 

Related posts

Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasynda täze ylalaşyklar gazanylar

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi

Amerikada Türkmenistan güni : Fotosuratlarda

Ata Watan Eserleri