JEMGYÝET

BMGÖM-niň hemişelik wekili ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün, BMGÖM-niň Türkmenistanda täze bellenen wekili hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda ykdysady diwersifikasiýa, sanly transformasiýa, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, energiýa netijeliligi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak, adam hukuklary we milli ösüşiň beýleki ugurlary ýaly giň gerimli meseleler boýunça geljekde strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen we halkara borçnamalara hem-de ýurduň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda ösüş ugrunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de Türkmenistanda we bütin dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” atly täze maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Onuň Alyhezreti Akim Ştaýner, BMGÖM-niň dolandyryjysy tarapyndan gol çekilen ynanç hatyny Türkmenistanyň Prezidentine gowşuryş dabarasyndan soňra hanym Saakýan metbugata ýüzlendi:

“Meniň üçin Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda geljekde strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak uly mertebedir. Men BMGÖM-niň Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtybarly hyzmatdaşy bolup galjakdygyny we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin milli tagallalary çaltlandyrmakda goldaw berjekdigini ýene bir gezek tassyklaýaryn.”

Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 20 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg guramalarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady.

Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Makedoniýada, Moldowada we Türkmenistanda hemişelik wekiliniň orunbasary bolup işledi. BMGÖM-da işläp başlamazdan ozal hanym Saakýan ABŞ-da ýerleşýän “EurAsia Foundation” döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bilen ykdysady ösüş bölümine ýolbaşçylyk edip işledi. Mundan başga-da, ol Ermenistan Respublikasynyň hökümetinde dürli wezipelerde işledi – Söwda we senagat ministrliginiň Maýa goýumlar müdirliginde we Ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ýurt maýa goýumlar müdirliginde ýolbaşçy wezipelerde işledi.

Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).

 

Türkmenistanyň raýatlary Azerbaýjana baryp bilerler

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi