Häzirki wagtda durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ýokary derejede ornaşdyrmak boýunça işler batly depginde alnyp barylýar. Munuň bilen birlikde resminama dolanyşygyny elektron görnüşinde ýola goýmaklyk hem giň gerime eýe bolýar.
Elbetde, sanly ulgamyň durmuşymyza giň gerim bilen ornaşýan döwründe elektron resminama dolanyşygyna degişli birnäçe adalgalaryň üstünde durulyp geçilse has-da maksada laýyk bolar.
Elektron habar – bu telekommunikasiýa torundan maglumaty ugradyjy tarapyndan ugradylan ýa-da kabul edilen maglumatdyr;
Elektron maglumat göteriji – bu maglumat tehnologiýalaryň kömegi bilen maglumaty ýazdyrmak we saklamak üçin niýetlenen maddy göterijidir. Mysal üçin СD, DVD, USB fleş diskleri we beýlekiler degişlidir;
Elektron resminama – bu maglumat tehnologiýalary arkaly beýan edilýän maglumatlaryň elektron görnüşinde taýýarlanylan şeýle hem elektron maglumat göterijide sanly görnüşde berlen, ahyrynda bolsa elektron sanly gol arkaly tassyklanan resminamadyr;
Elektron resminama dolanyşygy – bu maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, olary ibermek we kabul etmek, saklamak, peýdalanmak, ýaýratmak we ýok etmek boýunça awtomatiki usulda alnyp barylýan işleriň jemidir;
Elektron resminamany düzüji – bu elektron tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen elektron görnüşindäki resminamalary düzen fiziki ýa-da ýuridiki şahsdyr;
Elektron resminamanyň hakykylygy – bu elektron resminamanyň elektron sanly gol bilen tassyklanan häsiýetidir;
Elektron sanly gol – bu elektron görnüşindäki sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanyp, deslapky maglumatlary belli bir kriptografik özgertmegiň netijesinde alnan we elektron sanly goluň açaryndan peýdalanylanda, şol maglumatlaryň degişliligini, hakykylygyny hem-de bitewüligini tassyklamaga mümkinçilik berýän, elektron resminamanyň rekweziti bolup durýan elektron sanly nyşanlaryň yzygiderligidir;
Elektron sanly goluň şahsy açary – bu elektron sanly goly döretmek maksady bilen niýetlenen elektron sanly nyşanlaryň yzygiderliligi bolup durýan hem-de elektron sanly goly döretmegiň kriptografik algoritminiň diňe gol çekýän şahsa mälim we elýeterli bolan ölçegleridir.
Sülgün Ataýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.