BIZNES

Bäsleşikli söwda: 12 desga hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdalar 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary hususylaşdyrmak üçin satuwa çykarylýar.

Nobatdaky bäsleşikli söwdada başlangyç bahasy iň ýokary bolan desga Daşoguz welaýat häkimliginiň Daşoguz şäheriniň Oguz han köçesiniň 1/1-nji jaýynda ýerleşýän Daşoguz Jemagat abatlaýyş-gurluşyk trestiniň Daşoguz turba zawodydyr. Onuň bahasy 19 716 560,00 manatdyr.

Şeýle hem bu gezekki söwdada hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan başlangyç bahasy iň pes bolan desga – «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Serhetabatdaky awtoulag kärhanasynyň ammar jaýy bolup, onuň bahasy 249 344,00 manatdyr.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bu nobatdaky bäsleşikli söwdasy baradaky maglumaty pdf-den hem okap bilersiňiz.

 

2010-2021: 627 desga hususylaÅŸdyryldy

Ýene-de okaň

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslamany maliýeleşdirdi