BIZNES

2010-2021: 627 desga hususylaşdyryldy

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 627 bolup, munuň 95-si 2021-nji ýyla degişlidir. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Tirkeşmyrat Kürräýeriň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär. 

Aslynda, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi.

Şu ýerde orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçilere dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär.

Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy döredilip, işewürlere öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar.

Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan önümler özüniň ýokary hili bilen daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelip, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar.

 

Şa aýaly Ýelizaweta tagtynyň mirasdüşerini yglan etdi

 

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy